Eýran Yslam Respublikasynda 30-njy maýdan 3-nji iýun aralygynda Prezident saýlawlaryna gatnaşýan dalaşgärler hasaba alyndy. 5 günde jemi 80 dalaşgär hasaba alyndy. Olaryň arasynda Merkezi bankyň öňki başlygy Abdul Nasser Hemmati, Eýran Yslam Respublikasynyň Lideriniň ýokary milli howpsuzlyk geňeşindäki wekili Said Jalili, Yslam Rewolýusiýasynyň gorag korpusynyň öňki serkerdesi, general Wahid Haganiýan, Tähran şäheriniň häkimi Alireza Zakani, Eýranyň Demokratik partiýasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kawakbiýan we mejlisiň agzalary Mohammed Sabagiýan we Abbas Mogtadai bar. Şeýle-de ýurduň wise-prezidentleri, Eýranyň öňki Prezidenti Mahmud Ahmedinežad, häzirki hökümetiň üç ministri we 13 sany öňki ministr, parlamentiň 38 agzasy, mejlisiň öňki başlygy Ali Larijani we Mohammed Bager Galibaf dalaşgärligini hödürlediler. Bulardan başga-da dört zenan dalaşgär Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alyndy.
4-nji iýundan başlap Konstitusiýanyň goragçylar geňeşi tarapyndan bir hepdäniň içinde dalaşgärleriň Prezidentlige mynasypdygy ýa-da däldigi kesgitlener. Dalaşgärleriň gutarnykly sanawy 11-nji iýunda mälim ediler. Saýlawlardan öňki kampaniýa üçin 12-25-nji iýunda iki hepde bölünip berilýär we saýlawlardan bir gün öň «ümsümlik güni» yglan ediler.
Eýranda Prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler. Eger-de birinji tapgyrda hiç kim sesleriň köpüsini alyp başarmasa, 5-nji iýulda ikinji tapgyry geçiriler. Oňa birinji tapgyrda iň köp ses alan iki dalaşgär gatnaşar.
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň demirgazygynda ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini alyp barýan dikuçar heläkçilige uçrady. Şol pajygaly wakada Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Hosein Amir Abdollahiýan we ýurduň birnäçe hökümet işgärleri Raisiniň ýanyndady. Uçaryň ähli ýolagçylary we ekipažyň agzalary aradan çykdy. Eýranyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Prezidentiň birinji orunbasary Muhammet Mohber, Eýranyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine bolsa, ýurduň daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Ali Bageri Kani bellendi.