Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da 30-njy maý­dan 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­ýan da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. 5 gün­de je­mi 80 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da Mer­ke­zi ban­kyň öň­ki baş­ly­gy Abdul Nas­ser Hem­ma­ti, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­de­ri­niň ýo­ka­ry mil­li howp­suz­lyk ge­ňe­şin­dä­ki we­ki­li Sa­id Ja­li­li, Ys­lam Re­wol­ýu­si­ýa­synyň go­rag kor­pu­sy­nyň öň­ki ser­ker­de­si, ge­ne­ral Wa­hid Haga­niý­an, Täh­ran şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ali­re­za Za­ka­ni, Eý­ra­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mus­ta­fa Ka­wak­bi­ýan we mej­li­si­ň ag­za­la­ry Mo­ham­med Sa­ba­giý­an we Ab­bas Mog­ta­dai bar. Şeý­le-de ýur­duň wi­se-pre­zi­dent­le­ri, Eý­ra­nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Mah­mud Ah­me­di­ne­žad, hä­zir­ki hö­kü­me­tiň üç mi­nist­ri we 13 sa­ny öň­ki mi­nistr, par­la­men­tiň 38 ag­za­sy, mej­li­siň öň­ki baş­ly­gy Ali La­ri­ja­ni we Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di­ler. Bulardan başga-da dört zenan dalaşgär Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alyndy.
4-nji iýun­dan baş­lap Kons­ti­tu­si­ýa­nyň go­rag­çy­lar ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan bir hep­dä­niň için­de da­laş­gär­le­riň Pre­zi­dent­li­ge my­na­syp­dy­gy ýa-da däl­di­gi kes­git­le­ner. Da­laş­gär­le­riň gu­tar­nyk­ly sa­na­wy 11-nji iýun­da mä­lim edi­ler. Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa üçin 12-25-nji iýun­da iki hep­de bö­lü­nip be­ril­ýär we saý­law­lar­dan bir gün öň «üm­süm­lik gü­ni» yg­lan edi­ler.
Eý­ran­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry 28-nji iýun­da ge­çi­ri­ler. Eger-de bi­rin­ji tap­gyr­da hiç kim ses­le­riň kö­pü­si­ni alyp ba­şar­ma­sa, 5-nji iýul­da ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Oňa bi­rin­ji tap­gyr­da iň köp ses alan iki da­laş­gär gat­na­şar.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň 19-njy ma­ýyn­da Eý­ra­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Seýed Eb­ra­him Rai­si­ni alyp bar­ýan di­ku­çar he­läk­çi­li­ge uç­ra­dy. Şol pa­jy­ga­ly wa­ka­da Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Hosein Amir Abdollahiýan we ýur­duň bir­nä­çe hö­kü­met iş­gär­le­ri Rai­si­niň ýa­nyn­da­dy. Uça­ryň äh­li ýo­lag­çy­la­ry we eki­pa­žyň ag­za­la­ry ara­dan çyk­dy. Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hök­mün­de Pre­zi­den­tiň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Mu­ham­met Moh­ber, Eý­ra­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji we­zi­pe­si­ne bol­sa, ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ali Ba­ge­ri Ka­ni bel­len­di.