29-njy maýda Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen parlament saýlawlarynda dolandyryjy «Afrikanyň milli kongresi» partiýasy, saýlawçylaryň 40 göterimden gowrak sesine eýe boldy. Bu barada ýurduň garaşsyz saýlaw topary habar berdi. Ses berişligiň netijelerine görä, «Afrika milli kongresi» partiýasy 6 million 344 müň 57 ses bilen öňdeligi eýeledi. 2019-njy ýyldaky saýlawlarda «Afrikanyň milli kongresi» partiýasy 57,5 göterim sese eýe bolupdy. Bu syýasy çärede liberal demokratik bileleşigi 21,7 göterim sese, öňki prezident Jeýkob Zumanyň çepçi populistik partiýasy 14,8 göterim sese eýe boldy.
Şeýle hem 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan «Afrikanyň milli kongresi» partiýasynyň ilkinji gezek sesleriň 50 göterimden gowragyny alyp bilmändigi we häkimiýetde galmak üçin bileleşik döretmäge mejbur boljakdygy habar berildi. Eýýäm, «Demokratik bileleşik», dolandyryjy partiýa bilen koalisiýa döretmäge taýýardygyny mälim etdi.
Bu syýasy çäräniň dowamynda Günorta Afrika Respublikasynda hasaba alnan 28 million saýlawçynyň Milli assambleýanyň 400 agzasyny we ýurduň dokuz welaýatyndan kanun çykaryjy maslahatyň 430 agzasyny saýlamak üçin saýlawlara gatnaşandygy habar berildi.
Günorta Afrika Respublikasynyň ählumumy saýlawlary 5 ýyldan bir gezek geçirilýär. Saýlawçylar belli bir dalaşgäre däl-de, syýasy partiýa ses berýärler. «Afrikanyň milli kongresi» partiýasy 1994-nji ýyldan bäri ähli saýlawlarda ýeňiş gazanyp gelýär. Ýöne bu saýlawlaryň netijeleriniň geçen ýyllara garanyňda, iň pes netijedigi mälim edildi.
2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda ýurduň Prezidenti wezipesine ozalky wise-prezident, «Afrikanyň milli kongresi» partiýasynyň agzasy Siril Ramafosa saýlanypdy. Ol ýurtda korrupsiýa bilen bagly göreşde tagallalaryny gaýgyrmaýan lider hökmünde tanalýar. Ol işinden gidýändigini mälim eden Jeýkob Zumanyň ýerine saýlanypdy.
Siril Ramafosa 1952-nji ýylda Ýohannesburg şäheriniň töwereginde dogulýar. Ýurduň Limpopa uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlap, 1970-nji ýyllarda syýasy karýerasyna başlan Ramafosa 1991-nji ýylda Nelson Mandelanyň başlyklygyndaky milli maslahatda «Afrikanyň milli kongresi» partiýasynyň baş sekretarlygyna saýlanýar. 2014-nji ýylda bolsa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary wezipesine bellenýär.
Häzirki wagtda Afrikanyň günortasyndaky bu ýurtda 60 milliona golaý ilat ýaşaýar.