2-nji iýunda Meksikanyň dolandyryjy «Milli galkynyş hereketi» (MORENA) partiýasynyň dalaşgäri Klaudiýa Şeýnbaum Meksikada geçirilen Prezident saýlawlarynda 57 göterimden gowrak ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Ses berişligiň netijeleri ýurduň Milli saýlaw instituty tarapyndan habar berildi. Häzirki wagtda MORENA partiýasyna Meksikanyň häzirki Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.
Şeýnbaumyň esasy bäsdeşi, «Meksika üçin güýç we ýürek» bileleşiginiň dalaşgäri Şoçitl Galwes bary-ýogy 30 göterimden gowrak ses aldy, onuň yz ýanyndan bolsa, 8 göterim ses bilen «Jemgyýetçilik hereketi» partiýasynyň dalaşgäri Horhe Alwares Maýnes gelýär. Ýurtda geçirilen saýlawlaryň resmi netijeleri sesler doly sanalandan soň 8-nji iýuna çenli mälim ediler.
Mehiko şäheriniň öňki häkimi 61 ýaşly Şeýnbaum ýurduň taryhynda ilkinji zenan Prezident bolar. Täze Prezidentden başga-da, ýurduň raýatlary kongresiň aşaky palatasynyň 500 wekiline we 128 senatoryna ses berdiler. Sebit derejesinde sekiz gubernatoryň we Mehiko şäheriniň häkiminiň wezipeleriniň ykbaly kesgitlenýär. Saýlawçylaryň sanawynda 98,3 milliondan gowrak adam bar.
Alty ýyllyk möhlete saýlanan Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasynyň şu ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, 100 milliona golaý meksikaly geljekki Prezidenti, kongresiň wekillerini, birnäçe ştatyň häkimlerini we ýerli häkimýeti – jemi 20 müňden gowrak hökümet wezipesini kesgitlän ählumumy saýlawlarda ses berdiler. Demirgazyk Amerikada ýerleşýän bu ýurtda 127 milliondan gowrak adam ýaşaýar.