Hindistanda geçirilen parlament saýlawlarynda Premýer-ministr Narendra Modiniň bileleşigi ýeňiş gazandy. Modiniň «Hindi halk partiýasy» (Bharatiýa Janata Parti) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Milli demokratik bileleşigi ýurtda geçirilen ählumumy saýlawlaryň netijelerinden soň parlamentiň aşaky palatasyndaky orunlaryň ýarysyndan gowragyny aldy.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Narendra Modiniň bileleşigi parlamentiň 543 orunlyk aşaky palatasynda, 292 orna eýe boldy. «Hindi halk partiýasy» 2019-njy ýylda geçirilen saýlawlarda 303 orun eýeläpdi.
28 partiýany öz içine alýan I.N.D.I.A. bileleşigi bolsa, 234 orna eýe boldy. Bileleşigiň öňdebaryjy partiýasy bolan «Hindi milli kongresi» aşaky palatadaky wekilçiligini 53-den 99-a çenli artdyrdy.
Şeýlelikde, Modiniň bileleşigi parlamentde bil baglan 400 ornuna eýe bolmasa-da, öz ýeňşini üpjün etmegi başardy. Indi Modi yzly-yzyna üçünji gezek hindi hökümetine ýolbaşçylyk edip biler.
Hindistanda 19-njy aprelden bäri dowam eden ählumumy parlament saýlawlary 1-nji iýunda tamamlandy. Ses berişlik 7 tapgyrda geçirildi. Ýurtda 968 million saýlawçy hasaba alyndy. Maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşyk, 62 göterim boldy.