Tomus paslynyň başlanmagy diýmek futbolda transferleriň hem başlanmagy diýmekdir. Soňky ýyllarda köp oýunçyny düzümine goşmakda, transfere ummasyz maýa goýbermekde ýakasyny tanadan Angliýanyň “Çelsi” kluby ilkinji transferini amala aşyrdy. “Çelsi” kluby “Fulham” bilen şertnamasy tamamlanan Tosin Adarabioýony düzümine goşdy. Londonlylar angliýaly 26 ýaşyndaky goragçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Erkin agent ýagdaýda “Çelsiniň” düzümine goşulan Adarabioýo 2020-nji ýyldan bäri “Fulhamda” çykyş edip gelýärdi. Ol 132 oýunda 5 gol geçirdi.