6-9-njy iýun aralygynda Ýewropa Parlamentine saýlawlar geçirildi. Bileleşigiň raýatlary öz ýurtlarynyň wekillerini saýladylar. Ses berişlik 6-njy iýunda Niderlandlarda, 7-nji iýunda Irlandiýada geçirildi. Latwiýa, Malta we Slowakiýa bu saýlawlara 8-nji iýunda gatnaşdy we beýleki ýurtlarda bolsa, 9-njy iýunda geçirildi. Çehiýada we Italiýada ses berişlik yzygiderli iki günüň dowamynda geçirildi. Umumy kontinental ses berişlikde Ýewropa Parlamentiniň 720 agzasy saýlandy. Beýik Britaniýa Bileleşikden çykmazdan ozal parlamentde 705 orun bardy.
Saýlawlar bäş ýylda bir gezek geçirilýär we dünýädäki iň uly transmilli ses berişlik hasaplanýar. Dürli milletlerden bolan 400 milliondan gowrak ses bermäge hukugy bolan saýlawçy Ýewropa Parlamentindäki öz syýasy wekillerini saýlady. Kanun çykaryjylaryň täzelenmegi dürli özgerişlere sebäp bolar.
2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen saýlawlarda umumy ses berişlik rekord derejede pes – 50,66 göterim bolupdy. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurt bar. Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlar 1979-njy ýylda geçirilen ilkinji göni saýlawdan bäri 10-njy we Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykanyndan bäri geçirilen ilkinji saýlawlardyr. Häzirki wagtda saýlawçylary migrasiýa, goranmak we halkara howpsuzlygy, jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler gyzyklandyrýar. Beýik Britaniýanyň Bileleşikden çykmagynyň (Brexit) netijesinde 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Korollygyň wekiliýetiniň 27 orny beýleki ýurtlaryň arasynda paýlandy.
“Ýewropanyň halk partiýasy” Ýewropa parlamentinde 184 orun alar
Ýewropa Parlamentiniň web sahypasyndaky täzelenen maglumatlara görä, Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni goldaýan syýasy topar, Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda ses berişligiň netijeleri aýdyňlaşdyrylandan soň Ýewropa parlamentindäki gatnaşygyny belli bir derejede azaldar.
Iň soňky maglumatlara görä, “Ýewropanyň halk partiýasy” 720-den 191 orun däl-de, 184 orun alar. Şol bir wagtda “Ýewropanyň halk partiýasyna” eýerýän “Sosialistleriň we demokratlar ösüş bileleşigi”, öz netijelerini gowulandyryp, 139 orna eýe bolar. Üçünji orunda 80 orun bilen “Täzelenen Ýewropa” topary, 73 orun bilen sagçy “Ýewropaly konserwatorlar we reformaçylar” topary, 58 orun bilen “Şahsyýet we demokratiýa” topary, 52 orun bilen “Ýaşyllar” gelýär. Ýewropa parlamentiniň täze düzümine 36 orun bilen “Çepçiler” goşulýar.
Ýatlap geçsek, merkezi sagçy liberal “Ýewropanyň halk partiýasy” Ýewropa parlamentiniň öňki düzüminden 176 orny eýeledi, ýöne şol döwürde parlamentiň özi häzirki düzümindäki ýaly 720 däl-de, diňe 705 orundan ybaratdy. Şonuň üçin fon der Lýaýeniň partiýasy aslynda bary-ýogy 0,5 göterim üstüne goşdy. Täze parlamentde 139 orun alan “Sosialistleriň we demokratlaryň ösüş bileleşigi” öňki netijesini dowam etdirdi, bu täze Ýewropa parlamentinde orunlaryň umumy sanynyň köpelmegini göz öňünde tutup, partiýanyň gatnaşygyny, takmynan, 0,4 göterim azaldýandygyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde sagçy konserwatorlar we reformaçylar soňky çagyryşyň netijelerini 3,2 göterim gowulandyrýan bolsa, “Şahsyýet we demokratiýa” toparyndan sagçy ýewroskeptikleri öz ýagdaýlaryny 1,1 göterim ýokarlandyrýar.