Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza döwlet sapary boldy.
10-njy iýunda döwlet Baştutanlary dostlukly we mähirli ýagdaýda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek hakynda ylalaşdylar.
Prezident Ýun Sok Ýol Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegini goldady.
Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda berk we uzak möhletli gatnaşyklary guramak üçin örän möhüm serişde hökmünde iki ýurduň halklarynyň arasynda ynsanperwer alyşmalaryň ähmiýetini tassykladylar hem-de medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar.
Prezident Ýun Sok Ýol özüniň we ýanynda bolýan wekiliýetiň mähirli kabul edilendigi, bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini iki tarap üçin amatly wagtda Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň seneleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.