Geçen ýyl milliarderleriň sanawyna goşulan ýaş aýdymçy Teýlor Swift ýene-de birnäçe rekord goýdy. Owadan aýdymçynyň 1,6 million nusgalykda satylan täze albomy “The Tortured Poets Department” ýedi hepdeden bäri “Billboard 200” sanawynda birinjiligini elden bermän gelýär. Şeýlelikde Swift mundan ozalky rekordyň eýesi, alty hepde bu sanawda birinjiligi saklan “Folklore”-dan ozdy. Swiftiň albomy “Billboard 200” sanawyndan başga-da beýleki birnäçe platformda hem rekord goýdy. Albom abunaçylaryna onlaýn aýdym-saz diňlemäge mümkinçilik berýän “Spotify”-da bir günde 300 million gezek diňlenilip, bu ugurda ozalky rekordlary täzeledi. Şol albomdaky “Fortnight” atly aýdym bolsa, Adeleniň “Easy On Me” aýdymyna degişli rekordy täzeläp, bir günde iň köp diňlenen aýdym boldy.
“Apple Music” bolsa, albomyň çykan güni iň köp diňlenen albom bolandygyny mälim etdi.
“Amazon Music” “The Tortured Poets Department”-iň 3 günde dünýäniň iň köp diňlenen albomy bolandygyny habar berdi.