Italiýanyň “Ýuwentus” topary ozaldanam belli bolan täze tälimçisini resmi ýagdaýda mälim etdi. Turin şäheriniň wekili geçen möwsümde “Bolonýa” toparyna tälim beren Tiago Mottanyň tälimçilige belledi. “Serie A”-nyň başarnykly kluby 41 ýaşyndaky tälimçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Asly brazil bolan italiýaly tälimçi “Ýuwentusdan” ýyllyk 5 million ýewro hak alar. Ol “Bolonýada” 1,2 million ýewro alýardy. Motta geçen möwsümde “Bolonýany” çempionatda ilkinji 5-lige düşürip, klub 60 ýyldan soň UEFA-nyň iň uly ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Motta tälimçilige 2018-nji ýylda PSŽ-niň ýaşlar toparynda başlap, soňlugy bilen, 2019-njy ýylda “Jenoanyň”, soňra “Spesiýanyň” hem-de “Bolonýanyň” tälimçisi bolupdy.

4 möwsümden bäri çempionlyk gazanyp bilmän gelýän “Ýuwentus” topary Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalyndan soň tälimçisi Massimiliano Allegrini wezipesinden boşadypdy.

“Serie A”-da golaýda tälimçisiz galan “Lasio” topary hem täze türgenleşdirijisini mälim etdi. Rim şäheriniň wekili Marko Baronini toparyň tälimçisi wezipesine belledi. 60 ýaşyndaky italýan tälimçi rimliler bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol tamamlanan möwsümde “Werona” toparyna tälim beripdi. “Lasio” toparynda golaýda bellenenine 3 aý hem bolmadyk Igor Tudor wezipesini taşlapdy.