Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.
Täze many-mazmun bilen baýlaşýan Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik gatnaşyklar türkmen döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy bilen has-da belende galdy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ynamly ornuny has-da pugtalandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden Kararnamalarynyň 26-synyň awtory hökmünde çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, ozal hem ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji,
62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Şeýlelikde, Türkmenistan bu abraýly guramanyň wise-başlyklygyna 8-nji gezek saýlanýar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 9-njy aprelinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025–2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlandy. Türkmenistanyň bu komissiýanyň agzalygyna saýlanmagynda uly many bar. Sebäbi Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup, bu ugurda esasy halkara konwensiýalara goşulmak bilen, ýurdumyzy, galyberse-de, tutuş sebitimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrundaky işleri yzygiderli alyp barýar.
Döwletimiziň 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna, şeýle-de BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024–2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy bolsa, ýurdumyza bildirilýän uly ynamdyr. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara derejede alnyp barylýan beýik işler Watanymyzyň dünýä dolýan mertebesiniň we at-abraýynyň belent ykrarnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy Bitarap döwletimize toplan tejribesini paýlaşmaga, bilelikdäki teklipleri we çözgütleri işläp taýýarlamaga hem-de kabul etmäge gös-göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Garaşsyz Diýarymyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda umumy tagallalara uly goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigi baradaky pikiri öňe sürmek bilen, Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek barada aýdanlary-da Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygyny dünýä ýüzüne jar etdi.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizi iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Konsepsiýada öňde goýlan wezipeler esasynda dünýäde parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasyny alyp barýan ýurdumyz halkara derejede dostluk we ynanyşmak ýörelgelerini üpjün etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýan, netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolan döwlet hökmünde çykyş etmek bilen, dünýäde oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň düýp özeninde şol maksatlar durýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň asyrlardan aşyp gelýän hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny görkezýär.
Atabaý MOMMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.