15-nji iýunda Günorta Afrika Respublikasynyň Milli Assambleýasy ýurduň dolandyryjy “Afrikanyň milli kongresi” partiýasynyň lideri Siril Ramafosany geljek bäş ýyl üçin Prezident saýlady. Parlamentiň ilkinji mejlisine başlyklyk eden baş kazy Reýmond Zondo parlamentde geçirilen ses berişlikde Ramafosanyň 283 ses, “Ykdysady azatlyk üçin göreşiji partiýasynyň” başlygy Julius Malemanyň 44 ses alandygyny mälim etdi.
29-njy maýda ýurduň parlamentine we dokuz welaýatyň kanun çykaryjy organlaryna saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlarda Ramafosanyň “Afrikanyň milli kongresi” partiýasy 40,2 göterim ses alyp ýeňiş gazandy. Ikinji orny 21,6 göterim ses bilen “Demokratik bileleşigi” partiýasy, üçünji orny 14,6 göterim ses bilen ýurduň öňki prezidenti Jeýkob Zumanyň “Umkhonto we Sizwe” partiýasy eýeledi. “Ykdysady azatlyk üçin göreş” partiýasy bolsa, 9,4 göterim sese eýe boldy.
Ýurtda geçirilen ählumumy saýlawlardan soň, “Afrikanyň milli kongresi” partiýasy ilkinji gezek 400 orunlyk parlamentdäki köplügini ýitirip, 159 orny eýeledi. Şeýlelikde, 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan “Afrikanyň milli kongresi” partiýasy parlamentdäki köplügini ýitirdi we hökümet döretmek maksady bilen bileleşik döretmegiň ugruna çykdy.
Ramafosanyň kasam kabul ediş dabarasy 19-njy iýundan gijä galman geçiriler.