Arheologlar Wezuwiý wulkany atylandan soň külüň astynda 2 müň ýyl saklanyp galan Pompei şäherinde täze açyş etdiler. Bu barada Pompeide geçirilýän gazuw-agtaryş işleri baradaky resmi elektron žurnaly “E-Journal degli Scavi di Pompei” habar berdi.
Arheologlar şäheriň merkezi böleginden ýüze çykarylan täze otag barada jikme-jik hasabat çap etdiler. Diwarlaryna gök reňk çalnan otag däp-dessurlar bilen baglanyşykly çäreleri guramaga we mukaddes zatlary saklamaga niýetlenen ýer hökmünde baha berildi. Hünärmenler gök reňkiň Pompei freskalarynda seýrek duş gelýändigini, adatça, ussatlyk bilen bezelen otaglarda ulanylandygyny bellediler. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda 15 küýze, şeýle hem iki sany ýag çyra we olaryň aşagyna goýulýan söýeg ýaly bürünçden ýasalan zatlar ýüze çykaryldy. Bulardan başga-da, köp mukdarda gurluşyk materiallary we bosagada suwaga goşmak üçin taýýarlanyp goýlan balykgulak gatyşykly çäge tapyldy.
Italiýanyň Medeniýet ministri Jennaro Sandžuliano bu ýere gelip gördi we arheologik ýadygärligi “henizem doly öwrenilmedik hazynaly sandyk” diýip baha berdi.
Biziň eýýamymyzyň birinji asyryna çenli Pompei 10 müňden 20 müňe çenli ilatly Italiýanyň günorta-günbatar kenarynda ýerleşýän Rimiň deňiz kenaryndaky şäher bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda golaýdaky Wezuwiýa wulkany atylyp, şäheriň üstüne hapa we gyzgyn zäherli gazlary sürüp getirýär. Mundan öň, taryhçylar bu wakanyň senesini 24-nji awgust diýip kesgitlän hem bolsalar, soňky geçirilen barlaglar munuň birnäçe aý soň bolandygyny görkezdi. Şol wakada käbir ýaşaýjylar gaçyp gutulan hem bolsa, 2 müň töweregi pompeili bu heläkçiligiň gurbany bolupdyr. Wulkanyň patlamagy Gerkulanum ýaly beýleki ýakyn obalara-da täsirini ýetiripdir. Umuman alanyňda, bu hadysada 16 müň töweregi adamyň ölendigi çak edilýär.
Ýüzlerçe ýyllap wulkan gatlaklarynyň aşagynda galan Pompei şäheri, diňe XVI asyryň ahyrlarynda ýüze çykaryldy. Arheologlary haýran galdyrýan bu şäher 1997-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilip, dünýäniň dürli künjekleriniň arheologlaryny we syýahatçylaryny özüne çekmegini dowam etdirýär.