Hytaýyň awtoulag öndürijileri, täze bazarlaryň özleşdirilmegi netijesinde, 2023-nji ýylda ilkinji gezek global awtoulag satuwynda amerikaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy. Bu barada awtoulag bazaryndaky maglumatlary seljermäge ýöriteleşen britan kompaniýasy “JATO Dynamics” habar berdi.
“Geçen ýyl hytaý öndürijileri dünýäde 13,4 million täze awtoulag satyp, bu möçber 2022-nji ýyldakydan 23 göterim köpdür. Amerikan öndürijileri bolsa, 11,9 million täze awtolulag satyp, 2022-nji ýyldaka garanyňda, 9 göterim ösüş gazandy” diýip, “JATO Dynamics”-iň hasabatynda bellenilýär. Hytaý awtoöndürijileriniň üstünligi Ýakyn Gündogar, Afrika, Latyn Amerikasy we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly täze bazarlaryň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hytaý awtoulaglaryna bolan isleg Ýewropada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Ysraýylda hem artýar.
Ýaponiýa dünýäde awtoulag satuwy boýunça öňdebaryjy ýurt bolmagynda galýar. 2023-nji ýylda ýapon awtoulag öndürijileri 23,6 million täze awtoulag satdy. Şol bir wagtyň özünde 2023-nji ýylda iň köp satylan awtoulag “Tesla Model Y” elektroulagy boldy. Bu markadan 1,2 million awtoulag satylyp, 2022-nji ýyldaka garanyňda, 64 göterim köpdür.