Dünýäde ilkinji bolup iýilýän robot tehnologiýanyň ösen ýurdy bolan Ýaponiýada peýda boldy. Täsin açyş Tokiodaky Elektrik Aragatnaşyk uniwersitetiniň dosenti Esihiro Nakata tarapyndan edildi. Ululygy 7 sm bolan bu robot süýji žele bilen ýasalyp, iki eli we gözleri bar. Gönüburçluk adama meňzeş robot tans etmäge, dürli tarapa süýşmäge we ellerini galgatmaga ukyplydyr. Onuň ady “The wobbly character” bolup, “aljyraňňy häsiýet” diýmegi aňladýar. Ol eýesi bilen “Salam, bu gün seniň bilen gepleşmäge sabyrsyzyk bilen garaşdym” diýip salamlaşýar. Esihiro Nakata alma tagamly roboty restoranlarda “janly naharyň” hödürlenmegini teklip edýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, restorana gelen müşderi robot bilen söhbet edip, ony dadyp biler. Robotyň kömegi bilen alymlar hereket edýän iýmitiň biziň tagam duýşumyza edýän täsirini öwrenmek isleýärler we şeýlelikde hem ýurtda 16 okuwçynyň gatnaşmagynda barlag geçirildi. Olara bu roboty iýmek teklip edilýär we bu barlagyň birinji ýarymy jemlenýänçä robot hereketsiz durdy, soňra ol gepläp hem-de tans edip başlamak bilen ýaryşa gatnaşyjylary haýran galdyrdy.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.