“Fitch Ratings” halkara reýting edarasy global ykdysady ösüşiň ozalky çak edilişinden has ýokary boljakdygyny mälim etdi. Çaklamada dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň 2,4 göterim däl-de, 2,6 göterim boljakdygy bellenilýär. Bu barada taýýarlanan maglumatda Ýewropada ykdysady dikelişiň dowam etjekdigine ynamyň artýandygy, Hytaýyň eksportynyň ösýändigi we ösüp barýan beýleki ýurtlarda içerki islegiň ýokarlanýandygy sebäpli has ýokary ösüşe garaşylýandygy bellenilýär. Reýting edarasynyň bilermenleri 2025-nji hem-de 2026-njy ýyllarda hem ösüşiň 2,4 göterim boljakdygyny çaklaýarlar. ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda 2,1 göterim, geljek ýyl 1,5 göterim we 2026-njy ýylda 1,6 göterim ösjekdigi aýdylýar. Ýewro sebitindäki ykdysady ösüş 2024-nji ýylda 0,6 göterimden 0,8 göterime çykarlypdyr. Sebit ýurtlary geljek ýyl 1,5 göterim, 2026-njy ýylda 1,4 göterim öser.
Hytaýyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylda 4,5 göterimden 4,8 göterime ýetirilipdir. Uzak Gündogar ýurdy geljek iki ýylda-da 4,5 göterim öser.