Italýan suratkeşi Tisian Weçellionyň XVI asyryň başlarynda döreden «Müsüre ýolundaky dynç alyş» atly suraty auksiona çykarylar. 2-nji iýulda Londondaky «Christie’s» auksion öýünde satuwa çykaryljak kartinanyň 15-25 million funt sterling aralygynda satylmagyna garaşylýar. Tisian ady bilen meşhurlyk gazanan suratkeşiň ýaş wagty çeken suraty Renesans sungatynyň esasy nusgalarynyň biri hasaplanýar. Eserde Merýem ene, Hezreti Ýusup we Hezreti Isanyň suraty şekillendirilen. Ussatlyk bilen döredilen surat doýgun reňkli bolmagy bilen tapawutlanýar. Wenesiýa ugrunyň iň esasy wekilleriniň biri bolan Tisianyň portretlerinde mifiki we dini sahnalar köp gabat gelýär.