2030-njy ýylda dünýäde 60 ýaşdan geçenleriň sany 1,4 milliarda çenli artar. Olaryň sany ýaşlaryňkydan has köp bolar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleri çaklaýar. Ylaýta-da Ýewropanyň ilaty garraýar. Munuň sebäbi ömrüň dowamlylygy ýokarlanýar, çaga dogumy bolsa azalýar.
Italiýa Ýewropa Bileleşiginde garrylaryň sany boýunça öňdedir. Häzir Italiýanyň ilatynyň 24 göterime golaýy 65 ýaşdan ýokarylardyr. Emele gelen ýagdaý döwletiň üstüne has uly borçlary ýükläp, pensiýa töleglerinde we ýörite saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde kynçylyklary döredýär.