Tehnologiýanyň ösen ýurdy bolan Hytaý 18 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň güýçli ýel turbinasynyň gurluşygyny tamamlady. “Dongfang Electric Corporation” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen turbina her ýylda 72 GWt energiýa öndürmäge mümkinçilik berýär. Kenardan uzakda gurlan desganyň Hytaýyň gündogar kenarýakasynda energiýa deňagramlylygyny üpjün etmäge kömek eder diýip, “Electrec” ýazýar. Diametri 260 metr bolan täze turbinanyň perleriniň aýlaw edýän meýdany ýedi sany futbol meýdançasynyň tutýan meýdanyna deňdir. Geljekde Hytaý meşhur Eýfel diňinden hem beýik boljak, diametri 310 metr bolan rotorly ýel turbinasyny döretmegi meýilleşdirýär.
Hytaý ýel energiýasyna 2060-njy ýyldan soň uglerodsyz energiýa meýilnamasynyň esasy hökmünde garaýar. Ýurt ýel turbinalarynyň önümçiliginde we gurnalmagynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar.

Mährem BABAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.