Emeli aň tehnologiýasy bilen meşgullanýan «Nvidia» kompaniýasy örän gysga wagtda bazar gymmatyny artdyryp, dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrüldi. Dünýäniň bazar bahasy iň gymmat kompaniýalarynyň ilkinji onlugyna golaýda giren «Nvidia» bu ugurda öňdeligi eýeleýän «Microsoft»-dan öňe geçip, birinji boldy. Çip önümçiligi bilen meşgullanýan tehnologiýa ägirdiniň bazar nyrhy 3,32 trillion dollardan geçdi. Merkezi edarasy Kaliforniýada ýerleşýän «Nvidia»-nyň tehnologiýa kompaniýalarynyň jemlenen ýeri bolan «Nasdaq» biržasyndaky paýnamalary 3 göterim gymmatlap, 135,96 dollara çykdy. Şeýlelikde, kompaniýa bu ugurda birinji ýeri eýeleýän «Microsoft»-dan öňe geçdi.
Parahat RAHMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.