Tomus paslynyň gelmegi bilen ak bazarlaryň bezegine öwrülýän garpyz jana şypaly bakja önümleriniň biridir. Garpyzyň dünýäde 1 müň 200-den gowrak görnüşi bolup, ata Watany Afrika hasaplanýar. 96-dan gowrak ýurtda ösdürilip ýetişdirilýän garpyzyň suwsuzlygy gandyrmakdan başlap, saglyk üçin birnäçe peýdasy bar. 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolan bu bakja önüminiň düzüminde A, C, B6 witamini, natriý, kaliý, belok, şeker we uglewodlar saklanýar.
Garpyz ýürek-damar ulgamynyň işini sazlamak bilen, myşsalardaky agyryny azaltmaga, bedeniň agramyny kadaly derejede saklamaga, iýmiti ýeňil siňdirmäge we Gün şöhlesinden derini goramaga ýardam edýär. Howanyň gyzgyn günlerinde ýeterlik derejede garpyz iýlende beden üçin zerur bolan suwuklygyň öwezini dolup bolýar.
Garpyz howanyň yssy günlerinde bedeniň gyzgynlygyny sazlap, bogunlaryň, myşsalaryň we oňurga ýiliginiň goraglylygyny üpjün edýär. Şeýle hem bu bakja önüminiň bedendäki artykmaç galyndylary (duz, daş bölekleri, mineral çökündiler) aýyrmakda uly peýdasy bar.
Garpyzyň gabygynyň agymtyl bölegindäki tebigy maddanyň gan aýlanyşyny gowulandyryp, damarlaryň rahatlanmagyna we gan basyşynyň kadaly derejede saklanmagyna oňaýly täsir edýändigi ýüze çykaryldy.
Bilermenler artykmaç agramdan dynmak isleýänlere garpyz iýmegi maslahat berýärler. Süýjiniň deregine garpyz iýlende bedene zerur bolan glýukozany tebigy usulda alyp bolýar. ABŞ-da geçirilen barlaglarda aşa semiz adamlara 4 hepdäniň dowamynda ýeňil naharlar bilen bilelikde her gün iki bulgur garpyz şiresi berildi. Barlaga gatnaşyjylar iki topara bölünip, birinji topar adaty durmuş ýörelgesini dowam etdirdiler. Ikinji topara ýagly we süýji iýmitleri iýmek gadagan edildi hem-de iýmit sanawyna garpyz goşuldy. Barlagyň netijesinde garpyz iýen toparyň çalt horlanandygy, biliniň kadaly derejä gelendigi, böwrek ýetmezçiligi we gan basyşy bilen bagly meseleleriň aradan aýrylandygy ýüze çykaryldy.
Garpyzyň düzüminde ýokary derejede süýüm we prebiotikler (içege üçin peýdaly maddalar) saklanýar. Bu bolsa içegeleriň işini ýeňilleşdirip, iýmit siňdirişe ýardam edýän bakteriýalaryň ösmegine we işjeňleşmegine itergi berýär.
Tomus paslynda Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goranmak üçin ýeterlik derejede garpyz iýmeli. Garpyzyň düzümindäki A, B we C witaminleri, kaliý, magniý we antioksidantlar deriniň juwan we çeýe saklanmagyna ýardam edýär.
Näçe mukdarda garpyz iýmeli?
Garpyzyň gündelik iýilmeli mukdary adamyň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna görä üýtgeýär. Her gün ýarym pelle garpyz iýmek kadaly ölçeg hasaplanýar. Miwe allergiýasy we süýjüli diabeti bolan adamlara garpyz iýmek maslahat berilmeýär.
Garpyzyň gowusyny nädip saýlamaly?
Daşky görnüşine seretmeli. Eger-de garpyzyň reňki solgun däl-de, ýiti bolsa, bu onuň täzedigini aňladýar. Zolaklary sargylt, öçüksi bolsa, könedigini görkezýär. Şeýle hem garpyzyň daşy myssaran (ýumşak) bolsa, bu onuň has ir ýolnandygynyň alamatydyr.
Sapagyna üns bermeli. Eger-de garpyzyň baldagy ter bolsa, ýaňy ýolnandygyny aňladýar. Gury baldaklar bu bakja önümiň has öň ýygnalandygyndan habar berýär.
Agramyna üns bermeli. Bişen garpyzyň agramy bişmedik garpyza görä ýeňil bolýar. Şol sebäpli garpyz almazdan ozal eliňiz bilen ölçäp görüň!
Sesini diňlemeli. Barmagyňyz bilen garpyzy pitikläp görüň! Bişen garpyz içi boş ýaly ses berýär. Tyňňyldaýan çuň ses bu bakja önüminiň suwludygyny we gowy bişendigini görkezýär. Eger-de garpyzyň sesi içine dykyz ýaýraýan bolsa, entek bişip ýetişmändigini aňladýar.
Kesilmedik garpyzy otag şertinde 7-10 günläp saklap bolýar. Kesilen garpyzy 2-3 günläp sowadyjyda saklamak mümkin.