25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Täze desganyň öňündäki meýdançada uly joşguna beslenen baýramçylyk ýagdaýy emele getirildi. Binanyň çägi baýramçylyk ruhunda bezelipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýere köp sanly ildeşlerimiz ýygnandylar.
“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa topary tarapyndan halkymyzyň gadymy däpleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän ajaýyp tanslar ýerine ýetirilip, bu ýerdäki wakalara aýratyn ruhubelentlik bagyşlaýan aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Soňra sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary mübärekläp, biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip belledi.
Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, şu günki dabara bagyşlan “Jemal bagşy Siz” atly goşgusyny okady.

Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,
Ojaklaryň berki halal duzdadyr,
Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,
Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!
Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,
Diýaryma täze taryh ýaraşar,
Parahatlyk sungat bilen gül açar,
Watana söýgüde belent bagtyňyz,
Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!

Sanly ulgam arkaly çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýygnananlara berk jan saglyk, uzak ömür, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Ýygnananlar soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde ägirt uly ornuň degişlidigi bellenilýär.
Dabarada çykyş edenler döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ähli tagallalaryny hem-de zehinini Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine, halkymyzyň öçmejek ruhy däp-dessurlaryny Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesilleri üçin gorap saklamaga, dowam etdirmäge gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.
Tans toparlary üçin niýetlenen zalda dabara gatnaşyjylar «Dokmaçylar» çagalar döredijilik toparynyň horeografik sapaklaryna tomaşa etdiler we konsertlere taýýarlyk görmek, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Merkeziň tans zallarynyň enjamlaşdyrylyşy iň ýokary derejede bolup, halkara ölçeglere laýyk gelýär.
Grim bilen bezemek we lybas üpjünçiligi, wideo we ses ýazgylaryny işlemek üçin ýörite ýerler bölünip berlipdir. Bu ýerde şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça meşgullanmak üçin gurnaklaryň ulgamy hereket eder.
Soňra “Dokmaçylar” medeni merkeziniň myhmanlary döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-sport zalyna baryp gördüler we tälimçilik işlerini guramak üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler.
Soňra myhmanlar öňdebaryjy ses enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ses ýazgylary studiýasy bilen tanyşdylar. Bu ýerdäki enjamlar ses ýazgylaryny timarlamak üçin iň täze programmalary we gurallary ulanmak arkaly aýdym-sazyň dürli ugurlary boýunça ýazgy etmäge mümkinçilik berýär.
Medeni merkeziň eýwanynda “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň sahna lybaslarynyň we bezegleriniň sergisi guraldy. Dürli ýyllarda geçirilen dabaraly çärelere we konsert maksatnamalaryna gatnaşmak üçin tikilen lybaslar türkmen medeniýetiniň däpleri we özboluşlylygy arkaly folklor keşpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.