Geçmişde türkmen kino sungatynda özüniň ýiti zehini, başarnygy bilen öçmejek yz galdyran hakyky kinooperatorlaryň sarpasy bu günem belent tutulyp, olar ýagşylykda ýatlanýar. Kino sungatynda esasy göze dürtülip duran zähmet kinooperatoryň işidir. Muňa biz kinofilmlere tomaşa edenimizde-de, doly göz ýetirýäris. Kino sungatynda keşp döredýän aktýorlaryň hereketlerini bize kadrlaryň üsti bilen ýetirýän operatordyr. Mysal üçin, filmiň esasy gahrymanynyň keşbini janlandyrýan aktýoryň iri planda, orta we umumy planda düşürilen kadrlary bize filmde bolup geçýän wakany aýan edip berýär. Her bir filmiň oňat bolup çykmagy onuň operatory bilen goýujy režissýoryna bagly bolup durýar. Çünki surata düşüriliş işleri tamamlanandan soň, režissýor kebşirleýiş işlerine başlaýar. Şonda operatoryň alan kadrlary mese-mälim görnüp durýar. Ol kadrlar ussatlarça alnan bolsa, kinooperator bilen goýujy režissýoryň çeken zähmeti ýerine düşüp, filmiň oňat kino bolup çykmagyna getirýär. Şeýle operatorlaryň biri-de türkmen milli kino sungatyna özüniň saldamly goşandyny goşup, ençeme filmleri operator hökmünde surata düşüren, ençemesine-de režissýorlyk eden Anatoliý Ýakowlewiç Karpuhindir.
Köp sanly kino muşdaklarynyň söýgüsini gazanan meşhur “Aýgytly ädim”, “Mukamyň syry” ýaly filmlere operatorlyk eden Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, türkmen we rus filmlerine özüniň saldamly goşandyny goşmak bilen adygan Anatoliý Karpuhin 1925-nji ýylda Russiýa döwletiniň Rýazan şäherinde eneden bolýar. Anatoliniň ýetginjeklik ýyllary uruş döwrüne gabat gelýär. Ol 1943-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Uruş gutaranyndan soň, ýagny 1945–1950-nji ýyllarda Karpuhin gullukçylar gazetiniň surat habarçysy bolup işleýär. Bu onuň zähmet ýolunyň başlangyjy bolýar. Anatoliý Karpuhin 1950-nji ýylda bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen Bütünsoyuz döwlet kinematografiýa institutynyň kinooperatorlary taýýarlaýan bölümine okuwa girip, onuň doly kursuny 1955-nji ýylda tamamlaýar. Ol kino sungaty boýunça ilkinji zähmet ýoluna “Lenfilm” kinostudiýasynda başlaýar. Ol bu studiýanyň önümi bolan “Kölegeler” atly çeper filmde operatorlyk edýär. Ýaş hünärmen hökmünde bu film onuň ilkinji işi bolýar. Şondan soňra ony “Duşmanlar”, “Söýgülimiň şarfy”, “Ýewgeniý Onegin” atly çeper filmlere operator edip berkidýärler. 1956-njy ýylda Anatoliý Karpuhin Aşgabada “Türkmenfilm” kinostudiýasyna işe ugradylýar. Ol bu ýerde 1956–1977-nji ýyllar aralygynda işleýär. Karpuhiniň surata düşürmeginde türkmen kino muşdaklary “Aýratyn tabşyryk”, “Ilkinji ekzamen”, “Aýna”, “Anafema”, “Aýgytly ädim”, “Magtymguly”, “Döwranyň başdan geçirenleri”, “Derýanyň aňyrsy serhet”, “Meniň dostum Meleguş”, “Gara kerwen”, “Mukamyň syry”, “Köýten nalasy” ýaly filmlere tomaşa etdiler. Bu kinolar giň tomaşaçylar köpçüliginiň aňynda hemişelik galan filmler bolup, ol hem operatoryň ussatlygyndan habar berýär. Zehinli kinooperator Anatoliý Karpuhine meşhur kinorežissýor hem aktýor Alty Garlyýew bilen işleşmek miýesser edýär. Alty Garlyýew öz surata düşürýän filminde Karpuhine keşp janlandyrmagy-da, özüniň işine kömekleşmegi-de ynanar eken. Anatoliý Karpuhiniň surata düşüren filmleriniň aglabasy diýen ýaly ýurdumyzda we onuň çäginde, hatda gaýry ýurtlarda geçirilýän kino festiwallarda-da baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Karpuhin özüniň rus milletindendigine garamazdan, türkmen kinosynyň estetikasyny we etikasyny örän ussatlyk bilen öwrenmegi başarýar. Esasan hem “Aýgytly ädim” filmine seredenimizde, muňa doly göz ýetirýäris. Şonuň üçin bolsa gerek, “Aýgytly ädim” filmi üçin operatora Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at, hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy berilýär.
Anatoliý Karpuhin “Men ömürlik geldim”, “Bastion”, “Jigit mydama jigitdir” atly giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başaran filmlere hem operatorlyk edýär. Anatoliý Karpuhin “Döwranyň başdan geçirenleri” hem-de “Meniň dostum Meleguş” atly çeper filmleri diňe operator hökmünde surata düşürmek bilen çäklenmän, eýsem ol goýujy režissýoryň işine hem özüniň saldamly goşandyny goşýar. 1977-nji ýylda surata düşürilen “Türkmenfilmiň” önümi bolan “Ofiser Wassy” atly çeper filmde Karpuhin hem operator, hem-de režissýor bolup işleýär. Ömrüni operatorlyk sungatyna bagyşlan Anatoliý Karpuhin diňe bir türkmen kinosynyň pajarlap ösmegi üçin däl, eýsem ol rus kino sungatynda-da öz yhlasyny, ukybyny, başarnygyny, ýiti zehinini zähmeti bilen açyp görkezýär. Anatoliý Karpihin golaýda 90 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmen kino sungatynyň öňdebaryjylaryndan diýlip görkezilýän Anatoliý Karpuhini film muşdaklary hiç haçan ýatdan çykarmaz.
Akmyrat HOJABERDIÝEW,
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm”
birleşiginiň hünärmeni.