Ertir – 28-nji iýunda Eýranda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawa az wagt galanda dalaşgärleriň ikisi saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Şehitler we weteranlar gaznasynyň başlygy Amir-Huseýin Gazizade-Haşemi jemgyýetçilik torunda beýleki 3 konserwator dalaşgäriň birleşmegi üçin dalaşgärlikden ýüz öwrendigini mälim etdi. Şeýle hem ol käbir alymlaryň islegi bilen şeýle karara gelendigini aýtdy.
Beýleki dalaşgär, Tähranyň ýerli häkimiýetiniň başlygy Alireza Zakani hem dalaşgärlikden çekilendigini aýtdy.
Iki dalaşgäriň dalaşgärlikden çykmagy bilen, saýlawlar dört dalaşgäriň arasynda geçiriler. Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlyk geňeşindäki ruhy lideriň wekili Said Jalili, mejlisiň häzirki başlygy Mohammed Bager Galibaf we içeri işler ministrliginiň öňki başlygy Mostafa Purmohammadi konserwator dalaşgärler hökmünde gatnaşýan bolsa, Eýranyň öňki saglygy goraýyş we lukmançylyk ministri, Töwriziň deputaty Masud Pezeşkiýan reformaçylar tarapyndan çykyş edýär.
Syýasy bilermenler konserwatorlardan ýene-de biriniň bäsleşikden çekilip biljekdigini çaklaýarlar.