Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ykdysadyýetimizde uly orny eýeleýän oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçi daýhanlary ähli taraplaýyn goldamak bilen bagly ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden karary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kärendeçiler bilen elmydama ýakyn aragatnaşykda bolup, olar bilen iş üstünde duşuşyp, babadaýhanlaryň armasyny ýetirýär, iş şertleri bilen içgin gyzyklanýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşigine baryp, bu ýerde galla kärendeçiler bilen duşuşmagy, kärendeçiniň yhlasly zähmetiniň netijesinde ýetişen bugdaý meýdanlarynda galla oragyna “bismilla” bilen başlap ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň iş şertleri, maşgala ýagdaýy içgin gyzyklanyp, kärendeçi bilen söhbetdeş bolmagy, kärendeçä gymmat bahaly sowgat gowşurmagy her bir daýhanyň göwün guşyny ganatlandyryp, kärendeçi babadaýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, “Türkmengallaönümler” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümler toplumyna barmagy bu ýerde kärhanada alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşmagy, jogapkär işgärleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi döwletimiz tarapynda bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändigini görkezýär. Teleýaýlymyň üsti bilen bu tolgundyryjy pursatlary görenimizde Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza bolan söýgiň has-da artýar.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň gallaçylary hem şu ýyly uly zähmet üstünliklerine besläp galla oragy möwsümini barha ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Etrapda galla oragy möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlykly gelinmegi bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda geçirmäge, kärendeçi daýhanlaryň päk zähmetiniň netijesinde kemala gelen guşgursak ak bugdaýy ýygnap Watan harmanyna tabşyrmaga uly mümkinçilik berýär. Orak möwsümine girişen ilkinji günlerinde etrabymyzyň Bereket, Galkynyş, Täzeýap daýhan birleşikleri öz öňlerinde goýan meýilnamasyny ilkinjileriň hatarynda berjaý etmegi ýylymyzyň rysgally, bereketli bolandygyny alamatlandyrýar. Gün-günden galla harmanlarymyz barha beýgelýär. Etrabymyzda galla oragy möwsümine gatnaşýan ähli işçi düzümi her bir güni ýokary iş netijeleri bilen jemleýärler. Şeýle ýokary derejede dowam edýän galla oragy möwsüminde jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, medeniýet sungat işgärleri oba zähmetkeşleriniň armalarynda bolup, aýdym-sazly çäreleri geçirip, olaryň armasyny ýetirýäris. Şeýle çäreleriň biri hem Akgala daýhan birleşiginiň galla meýdanlarynda geçirilip, oňa ýokary ruhubelentlik bilen oba zähmetkeşleri gatnaşdylar. Möwsüme gatnaşýanlaryň yzygiderli armasyny ýetirilmegi, öňdebaryjylara höweslendiriji sowgatlaryň gowşurylmagy, her bir kärendeçini, mehanizatorlary, sürüjileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Bugdaý Watanymyzyň baş baýlyklarynyň biri. Guşgursak ak bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, saçaklarymyzyň mele myssyk nandan doly bolmagyna uly mümkinçilik berýär. Hut şunuň bilen baglylykda etrabymyzyň galla kärendeçileri her ýyly azyklyk ekin bolan bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, ýurdymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.