Düýn Eýranda geçirilen prezident saýlawynda dalaşgärleriň hiç biri 50 göterimden köp ses alyp bilmedi. Şol sebäpli geljek hepde iň köp ses alan iki dalaşgäriň arasynda ikinji gezek saýlaw geçiriler. Içeri işler ministriniň saýlaw merkeziniň soňky habaryna görä, 19 milliondan gowrak ses sanalandan soňra Masud Pezeşkiýanyň 8,3 million ses aldy. Said Jalili bolsa 7,1 million ses alypdyr.
Muhammet Bager Galibaf 2,6 million, Mostafa Purmohammadi 158 müň 314 ses alypdyr.
Şeýlelikde 5-nji iýulda Pezeşkiýan bilen Jaliliniň arasynda saýlawyň ikinji tapgyry geçiriler.