Ýa­po­ni­ýa­da 2004-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek tä­ze bank­not­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­di. Ýur­duň Mer­ke­zi ban­ky tä­ze bank­not­la­ry köp­çü­li­ge gör­kez­di. Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy Ueda Ka­zuo­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da 1000, 5000 we 10 000 ýa­pon ýe­ni gör­ke­zil­di.
Ueda beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ry­na ga­ra­nyň­da Ýa­po­ni­ýa­da nagt däl ha­sap­la­şy­gyň pes de­re­je­de­di­gi­ni bel­läp, nagt pu­luň yg­ty­bar­ly tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de ýur­duň gel­je­gin­de äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny aýt­dy. Mer­ke­zi bank, il­kin­ji no­bat­da, umu­my gym­ma­ty 1,6 tril­li­on ýen (9,9 mil­liard dol­lar) bo­lan bank­not­la­ry do­la­ny­şy­ga goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Tä­ze bank­not­lar­da­ky ýer­li dil­dä­ki «kan­ji» san­la­ry has go­wy gö­rün­me­gi üçin uly edi­lip­dir.
Mil­li çap býu­ro­sy (NPB) tä­ze bank­not­lar­da il­kin­ji ge­zek 3D go­log­ram­ma teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­ny­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Tä­ze 10 000 ýen­lik bank­no­tyň öň ta­ra­pyn­dan ýa­pon se­na­ga­ty­ny esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň bi­ri bo­lan Eýi­ti Si­bu­sa­wa­nyň, ar­ka ta­ra­pyn­da To­kio­nyň wok­za­ly­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­lip­dir. 5000 ýen­lik bank­no­tyň öň ta­ra­pyn­da ýa­pon ze­nan­la­ry­nyň bi­lim al­ma­gyn­da uly iş bi­ti­ren, Tsu­da uni­wer­si­te­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy Ume­ko Tsu­da­nyň, ar­ka ta­ra­pyn­da mä­mi­şi reňk­li gü­lüň su­ra­ty bar.
1000 ýen­lik pu­luň öň ta­ra­pyn­da bak­te­rio­log Si­ba­sa­bu­ro Ki­ta­sa­to­nyň şe­ki­li, ar­ka­syn­da ýa­pon Uki­ýo-e su­rat sun­ga­ty­na de­giş­li meş­hur «Ka­na­ga­wa­da­ky uly tol­kun» ese­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir.