Gün şöh­le­si dür­li şöh­le­len­me­le­riň güýç­li çeş­me­si bo­lup, ola­ryň için­de ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Olar az muk­dar­da adam be­de­ni­ne, esa­san hem, ça­ga­lar üçin has ze­rur­dyr. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, olar adam be­de­ni­niň ös­me­gi we kä­mil­leş­me­gi üçin ge­rek bo­lan wi­ta­min­le­riň eme­le gel­me­gi­ne gat­naş­ýar. Çen­de­na­şa güýç­li Gün şöh­le­si agyr ke­sel­le­riň, şeý­le-de howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Her bir adam ça­ga­lyk­dan baş­lap, Gün şöh­le­si­ni dür­li de­re­je­de du­ýup baş­la­ýar. Gün şöh­le­si­niň uzak wagt­lap ada­myň en­da­my­na tä­sir et­me­gi de­ri­niň ýan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün uran adam­da il­ki­baş­da ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, kel­la­gy­ry, ba­şaý­lan­ma, aýak­la­ryn­da we ar­ka­syn­da agy­ry eme­le gel­ýär. Soň­ra gu­la­gy­nyň şaň­la­ma­gy, de­mi­niň gys­ma­gy, ýü­re­gi­niň çalt ur­ma­gy müm­kin.

Gün ur­ma­dan nä­dip go­ran­ma­ly?
To­mus­da ir­den sa­gat 09:00-dan 18:00-a çen­li Gü­nüň aşa­gyn­da köp dur­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Ys­sy­da açyk reňk­li, nah ma­ta­dan ti­ki­len ýe­ňil we giň bi­çüw­li egin-eşik­le­ri geý­me­li.
Gu­şak gu­şan­ma­saň, ke­mer da­kyn­ma­saň go­wy.
To­mus­da açyk reňk­li baş­gap­la­ry geý­me­li.
Gün­den go­ra­ýan ýö­ri­te äý­nek­le­ri da­kyn­ma­ly, sa­ýa­wan gö­ter­me­li.
To­mus­da dü­zü­min­de efir ýa­gy bo­lan gö­zel­lik se­riş­de­le­ri­ni, atyr­la­ry kos­me­to­log bi­len mas­la­hat­la­şyp ulan­ma­ly.
To­mus­da Gü­nüň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­ýan wi­ta­min­le­re baý önüm­le­ri köp­räk iý­me­li.
Gü­nüň do­wa­myn­da içil­ýän su­wuk­ly­gyň (şerbet, mi­ne­ral suw­, ga­tyk, çal, aý­ran, dür­li şi­re­ler) muk­da­ry 2 litr­den az bol­ma­ly däl.

Gün ur­ma­da il­kin­ji edil­me­li kö­mek­ler:
Gün uran ada­ma gys­sag­ly ýag­daý­da il­kin­ji kö­mek be­ril­ýär.
1. Gün uran ada­my sal­kyn ýe­re (aga­jyň sa­ýa­sy­na, kö­le­gä, sal­kyn ota­ga) ge­çir­me­li.
2. Ke­me­ri­ni, köý­negi­niň ilik­le­ri­ni ýaz­dyr­ma­ly.
3. Ejir çek­ýän nä­sa­gyň gol­tuk­la­ry­na, boý­nu­na, döş ka­pa­sa­sy­na we ga­sy­gy­nyň tö­we­re­gi­ne so­wuk su­wa öl­le­nen ma­ta bö­le­gi­ni goý­ma­ly.
4. Eger-de Gün uran adam hu­şun­da bol­sa, sowuk suw ber­me­li.
5. Tiz kö­mek gul­lu­gy gel­ýän­çä nä­sa­gyň ýag­da­ýy­ny gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly.

Gül­ka­mar Sa­pa­ro­wa,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 5-nji Sag­lyk öýü­niň şe­pa­gat uýa­sy.