Malim bolşy ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada sapary dowam edýär. Şu gün jenap Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň edarasyna baryp görer. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy “Mirap” binasynyň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem gatnaşar. Bu bina BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna berler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki sapary hem-de geçiriljek gepleşikler netijeli köpýyllyk gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, täze taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berer.