5-nji iýulda Eýranda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçylaryň dalaşgäri Masud Pezeşkiýan ýeňiş gazanyp, ýurduň dokuzynjy Prezidenti boldy. Bu barada saýlaw komissiýasynyň başlygy Mohsen Eslami habar berdi.
-Jemi 30 million 510 müň 157 ses sanaldy. Masud Pezeşkiýan 16 million 384 müň 403 ses, Said Jalili bolsa 13 million 538 müň 179 ses aldy – diýip, Eslami belledi.
Eýranyň Prezidenti – Aýatolla Ali Hameneýiden soň ýurtda ikinji iň güýçli syýasatçydyr. Prezidentiň jogapkärçiligi, Konstitusiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek we ýerine ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk etmekden ybarat. Eýranyň daşary syýasatynyň umumy ugry täze Prezidente bagly bolýar.