Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda uly dabara bilen bellenip geçildi.
Bäsleşikde bagşyçylyk we sazandalyk ugurlary boýunça sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň çözgüdine laýyklykda, ýeňijiler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, şeýle-de Mary welaýatynyň häkimligi tarapyndan öňe saýlanan ýeňijilere Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
Özleriniň ukyp-başarnyklary bilen öňe saýlanan ýeňijiler şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanylýan günlerinde geçiriljek bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.