Düýn Fransiýada möhletinden öň geçirilen parlament saýlawynyň deslapky netijelerine görä, Žan-Lýuk Melanşonyň çepçi partiýalar topary “Täze halk fronty” birinji boldy. Syýasy däbä görä, ýurduň hökümet başlygy Gabriel Attal Prezident Makrona işinden çekiljekdigi barada arza tabşyrjakdygyny aýtdy.
Attal “Respublikan däbä sadyk bolup, ertir (şu gün) irden Prezidente wezipämden gidýändigim barada ýüztutmamy hödürlejek” diýip belledi. Premýer-ministr täze hökümet düzülýänçä, gerek bolan halatynda wezipesini ýerine ýetirmegini dowam etdirjekdigini aýdyp, işden çekilmek kararyna partiýasynyň Milli Mejlisde absolýut köplügi ýa-da iň köp sesi alyp bilmändigi sebäpli gelendigini aýtdy.