Ýeňil atletika boýunça geçirilýän “Göwher Liganyň” Pariždäki tapgyrynda taryhy rekord hasaba alyndy. Zenanlaryň arasynda beýiklige bökmekde 37 ýyllyk dünýä rekordy täzelendi. Ukrainaly Ýaroslawa Mahuçih 2,10 metr beýige böküp, bolgariýaly Stefka Kostadinowanyň rekordyny öz adyna geçirdi. Kostadinowa 1987-nji ýylyň awgustynda Rimde geçirilen Dünýä çempionatyna 2,09 mere böküpdi. Onuň rekordyny 37 ýyllap täzelemek hiç kime başartman, ahyry Dünýäniň hem Ýewropanyň çempiony, Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, 22 ýaşyndaky ukrainaly Ýaroslawa Mahuçige miýesser etdi.

Ýaryşyň çäginde zenanlaryň arasynda 1500 metre ylgamakda keniýaly Fait Kipýegon özüne degişli rekordy 7 millisekunt ösdürmegi başardy. Ol geçen ýylky 3 minut 49,11 sekuntlyk rekordyny 3 minut 49,04 sekunda çykardy.