Tamamlanyp barýan 17-nji Ýewropa çempionatynda ilkinji finalçy belli boldy. Münhen şäherindäki Allianz Arena stadionynda duşuşan Ispaniýa bilen Fransiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýun diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Duşuşykda hasaby ilkinji bolup fransuzlar açdy. Oýna erjel başlan Fransiýanyň ýygyndysynda 9-njy minutda Kilian Mbappeniň pasynda Rendal Kolo Muani kellesi bilen topy derwezä girizdi. Ýöne ispanlaryňam jogaby gijikmedi. 21-nji minutda çempionatyň iň ýaş futbolçysy, 13-nji iýulda 17 ýaşyny doldurjak Lamin Ýamal owadan gol bilen hasaby deňledi. Ol bu goly geçirmek bilen çempionatyň çäginde tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy (16 ýaş 362 gün). Bu goldan 4 minut soňam ispanlar ýene tapawutlanyp, öňe saýlanmagy başardy. Dani Olmonyň ýakyn aralykdan uran batly urgusynda top Žul Kundeniň aýagyna degip derwezä girdi. UEFA tarapyndan gol ilki Kundeniň awtogoly diýlip ýazylan hem bolsa, soňlugy bilen gol Olmonyň adyna bellendi. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy. 1-nji ýarymyň ahyrynda, tutuş 2-nji ýarymda taraplaryň tagallalary hasaby üýtgetmäge ýeterlik bolmady. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 5-nji gezek finala çykmagy başardy. Mundan öňki 4 finalyň 3-sinde – 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda çempion bolan Ispaniýa 1984-nji ýylyň finalynda Fransiýadan ýeňlipdi.

Oýundan soň duşuşygyň ýyldyzy saýlanan Ýamal diňe bir Ýewropa çempionatynyň däl, eýsem merhum Peläni hem geçip, Dünýä Kubogynyň ýa-da Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy.

Ispaniýanyň ýygyndysy oýundan soňky penalti urgularyny ýerine ýetirmezden 6 oýunda ýeňiş gazanyp finala çykan ilkinji topar boldy.

Duşuşykda meýdança çykan ispaniýaly 38 ýaşyndaky Hesus Nawas Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda oýnan iň ýaşuly futbolçy boldy.

Ispaniýanyň ýygyndysynyň finaldaky garşydaşy Niderlandlaryň ýa-da Angliýanyň ýygyndysy bolar. Niderlandlar bilen Angliýanyň arasyndaky 2-nji ýarym final duşuşygy şu gije oýnalar.

Soňky 4 uly ýaryşyň 3-sinde finala çykan Fransiýanyň ýygyndysy bu gezek ýarym finaldan yzyna gaýtdy.