Soňky ýyllarda dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynda ilatyň azalýar. Emma sosialist ýurt bolan Kubanyň hem ilatynyň azalýandygy mälim edildi. Maglumatlara görä, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda ýurduň ilaty 18 göterim azalypdyr. Bu barada ýurduň metbugatynda bellenilýär. Ispaniýanyň EFE habarlar agentligine interwýu beren kubaly ykdysatçy we demografiýa bilermeni Huan Karlos Albizu 2021-nji ýyldan bäri ykdysady kynçylyklar we göçüşlik sebäpli ilatyň azalandygyny belledi. Albizu ýurtda dünýä inýän bäbekleriň sany ölýänleriňkiden az. Ýurduň ilatynyň 9 milliondan aşak düşendigi mälim edildi. Mundan ozal 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Kubanyň Milli statistika we maglumat edarasy ilatyň 11,11 milliondygy mälim edilipdi. Ýurduň ykdysadyýeti esasan pandemiýa döwründe pese gaçypdyr.