Gahryman Arkadagymyzyň döredýän her bir eseriniň düýp mazmunynda halkymyzyň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýaşaýyş-durmuşyna mahsus bolan dürli aýratynlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Ylahy zehin bilen döreýän ol eserler biziň her birimize ylymda, okuwda, işde, ruhy dünýämizi baýlaşdyrmakda taýsyz çeşme bolup hyzmat edýär.
Asyrlar boýy ene ýere yhlas edip, rysgal-döwlet tapan ata-babalarymyzyň daýhançylyk däp-dessurlary, ekin-dikin işleri, halal çekilýän zähmetiň rehneti hakyndaky düýpli pikirler eziz Arkadagymyzyň döredijilik dünýäsinde mynasyp orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz bu meselä ýüzlenende, esasan babadaýhan pederlerimiziň geçen günlerine ýüzlenýär. Muny milli Liderimiziň “Döwlet guşy”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birnäçe eserlerinde aýdyň görmek bolýar.
Mähriban Arkadagymyz “Döwlet guşy” romanynda daýhançylyk-ekerançylyk işleri bilen baglanyşykly dürli däp-dessurlary alnymyzda janlandyrýar. Mysal üçin, romanda “garaçawuş”, “nekirt” bilen baglanyşykly halk dessury barada söz açylýar. Eserde: “Ekişe başlamazdan bir hepde öň, indi her ýyl edilişi ýaly, obada garaçawuş berdi”, “4-nji sentýabry sähetli gün hasaplap, şol gün kolhozyň dördünji brigadasynda nekirt etdiler”, “Şol gün günortan bolsa harman toý berdi” diýen setirler, okyja “garaçawuşyň” – oba hojalygy üçin amatly tebigy şertleriň bolmagyny isläp berilýän hudaýýoludygy, “nekirdiň” – sürüm, ekiş ýa-da ekine orak salmak ýaly ekerançylygyň jogapkärçilikli döwrüne başlamagy aňladýandygyny, “harman toýunyň” – ekişe başlananda hasylyň gowy bolmagyny niýet edilip geçirilýän toýdugyny düşündirýär. Romanda ýer, suw, ekin ekmek bilen baglanyşykly “buljura”, “gaýyr ýer”, “merz” ýaly dürli sözlere hem düşündiriş berilýär.
Zähmet işleri “Paýhas çeşmesi” atly kitapda hem aýdyň beýan edilýär. Kitabyň “Tebigat we zähmet hakynda” diýlip atlandyrylan bölüminde ekin-dikin, toprak, ýagyş-ýagmyr, tebigat bilen baglanyşykly nakyllar beýan edilýär.
Biziň jomart ata-babalarymyz “Ber, berekediň artsyn!” diýipdirler. Bu nakyl rysgal-döwletiň adama elaçyklykdan, jomartlykdan, haýyr-sahawatlylykdan gelýändigini aňladypdyr. Beýik Alla elaçyk ynsana öz rysgal-känini boldan eçilýär. Beren el – haýyrly, alan el doly bolýar.
Milli Liderimiz täzelikde okyjylar köpçüligine gowşan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem zähmet, ekin işleri, dürli ekinleriň aýratynlyklary hakynda çuňňur pikir ýöredýär. Kitaba girizilen bir rowaýatda patyşa bir derwüşe ýüzlenip: “Hany, aýt, dünýäde iň gowy gül haýsy? Onsoňam dünýäde iň ýakymly ysly hemem iňňän güýçli özüne çekýän gül haýsyka?” diýip soraýar. Onda derwüş: “Merhemetli patyşa! Eger-de biziň däplerimizi hemem aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutsaň, bu gül gowaça güli bolar. Sebäbi onuň gülleýşi iň owadan güllere kybapdyr. Iň esasy zat bolsa, adam dünýä inende, gowaça-da onuň bilen bile peýda bolýar. Şonuň üçin-de dünýäde biziň üçin iň özüne çekiji gül gowaçanyň güli diýip hasap edýärin” diýip, jogap berýär.
Bu sowal-jogapdan emele gelen halk rowaýatynyň kitaba girizilmegi okyjyda gowaça ekinine bolan çuňňur düşünjäni artdyrýar.
Bereketli tylla güýz türkmen topragyna rysgaly, egsilmejek döwleti bilen gelýär. Şonuň üçin bu pasyl ata-babalarymyz tarapyndan aýratyn aladalar bilen gurşalýar, ekin-dikini ýygnamak, täze hasyla taýýar etmek ýaly işler bu döwürde gyzgalaňly alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda altyn güýz hakynda söhbet açyp, şeýle ýazýar: “Güýzki hasyl ýygnamak döwri, ekiş möwsümi tamamlanandan soňra, salkyn güýz şemaly adamlara türkmen topragynda toý tutulýan döwrüniň – ertekili täsin agşamlaryň başlanýandygyny habar beripdir. Uzak ýylyň dowamynda çekilen abyrsyz zähmetiň rehnetiniň eşreti görülýän şol günler jennetiň pir pursadyna deňelipdir. Şoňa görä-de, ýylyň bereketli hasylynyň şanyna tutulýan baýramy “Uly toý” diýip atlandyrypdyrlar. Orta gürpde ýa-da oňa görä pukararak ýaşaýan her bir daýhanyň aladasy maşgalasyny ýeterlik huruşly etmek bolupdyr. Onuň agşam öýlerine ýygnanyşýan obadaşlaryna gowy hödür-kerem etmäge, bile oturyp, oba aýdyjysyny ýa-da belli bagşylary diňlemäge ýagdaýy bolupdyr”.
Görnüşi ýaly, halkymyz ýyl boýy çekilen abyrsyz zähmetiň hözürini görmegi-de öz durmuşyna ruhubelentlik bilen ornaşdyrypdyr. Häzirki döwrümizde bolsa bu ýagdaýlar täze döwrüň ruhuna kybapdaşlykda öz beýanyny tapýar.
Maksat AKYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.