Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi 2024/2025-nji okuw ýy­ly üçin aşak­da­ky hü­när­ler bo­ýun­ça ta­lyp­ly­ga ka­bul ed­ýär:
1. Lo­gis­ti­ka­da ope­ra­si­on işi.
2. Komp­ýu­ter tor­la­ry.
3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş.
4. Köp ka­nal­ly te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry.
5. Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň mag­lu­mat howp­suz­ly­gy.
6. Ara­gat­na­şyk ýaý­lym­la­ry we kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry.
Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.
Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl.
Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2024-nji ýy­lyň 15-nji iýu­ly — 19-njy aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.
Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:
— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;
— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);
— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);
— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy (da­laş­gär­ler Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 5-nji sag­lyk öýün­den geç­ýär­ler);
— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;
— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;
— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;
— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;
— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri‚ hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:
— pas­por­ty­ny;
— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.
Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.
Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) 2024-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 22-23-i, 25-i we 26-sy gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler bo­ýun­ça fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.
Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.
Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäs­le­şik­siz we ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peý­da­lan­ýar­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Es­ger­ler kö­çe­si, 68 jaý, tel.: 34-58-00, 34-13-14, 34-19-55.