Dünýä belli rowaýaty boksçy, ähli döwürleriň ussady, merhum Muhammed Aliniň durmuşy, karýerasy barada serial surata düşüriler. Sport äleminiň ägirdi hasaplanýan boksçy baradaky serialyň ady “Ägirt” (The Greatest) diýlip atlandyrylýar. Serial “Amazon” studiýasynyň önümi bolup, onda baş keşbi, Aliniň keşbini Jalen Best janlandyrar. Ilkibaşda kiçi göwrümli serial göz öňünde tutulan taslama soňlugy bilen, drama serialyna öwrüldi. Serialda 1942-nji ýylda dünýä inen türgeniň durmuşy, sportda gazanan üstünlikleri, jemgyýetde alyp baran işleri, jynsparazlyga garşy göreşi barada giňişleýin durlup geçiler. Muhammed Ali barada 2001-nji ýylda “Ali” atly film surata düşürilip, ekran eseri köpleriň söýgüsini gazanypdy. Parkinson keseli bilen uzak ýyllar göreşen Muhammed Ali 2016-njy ýylda aradan çykypdy.