Yzly-yzyna 2-nji gezek Kopa Amerikany gazanan Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany, super ýyldyz Lionel Messiniň kuboklarynyň sany 45-e ýetdi. Mälim bolşy ýaly, Messi bu ugurda rekordy “Inter Maýami” toparynda gazanan kubogy bilen ozal täzeläpdi. Häzirki wagtda Messi futbolyň taryhyndaky iň köp kubok gazanan futbolçy bolup, ozalky rekord 43 kubok bilen braziliýaly Dani Alwese degişlidi. Messi milli ýygyndy bilen Dünýä Kubogyny, 2 gezek Kopa Amerikany, şol sanda “Finalissimony” gazandy. 2005-nji ýylda Argentinanyň U20 topary bilenem Dünýäniň çempiony bolan Messide Pekin 2008 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medaly hem bar. Messi klublarda – “Barselonada” 35, PSŽ-de 3, “Inter Maýamide” bolsa 1 kubok gazanmagy başardy. Lionel Messi şol bir wagtyň özünde Kopa Amerikada 25 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu iň ýokary görkezijidir. Messi bu görkezijä 39 oýunda ýetmegi başardy. Messiden öň braziliýaly Zizinio 23 oýunda ýeňiş gazanypdy.