Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän we ýylyň girdejisini 1 milliard dollardan geçiren ilkinji ekran eseri bolan “Inside Out 2” animasiýa kassa ýygymyny toplamagyny dowam edýär. Ekranlara çykanyna 1 aýdan gowrak wagt geçen animasiýanyň prokatlardan toplany 1 milliard 371 million dollardan geçdi. 200 million dollar býujetli multfilme Kelsi Mann režissýorlyk edip, ekran eseri birnäçe statistikada öňe saýlandy. Iň çalt 1 milliard dollar gazanan animasiýa bolan “Inside Out 2” multfilminiň bu görkezijä ýetmegi üçin 19 gün ýeterlik boldy.  Ol bu ugurda “Şa ýolbars” multfilminiň rekordyny täzeledi (21 gün). Umumylykda 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan 54-nji ekran eseri bolan “Inside Out 2” multfilmi öndürijisi “Pixar”-yň rekordyny hem täzeledi. “Inside Out 2” multfilmi “Pixar”-yň iň köp girdeji gazanan animasiýasy boldy. Bu ugurda “Super maşgala” (Incredibles 2) animasiýasy 1 milliard 242 million dollar bilen birinji orunda barýardy.

Animasiýa ugry boýunça ähli baýraklaryň hem birinji derejeli hyrydary hasaplanýan “Inside Out 2” iň köp girdeji gazanan multfilmleriň sanawynda 3-nji orny eýeleýär. Ondan öňde “Doňaklyk 2” (Frozen II) hem-de “Şa ýolbars” (The Lion King) animasiýalary bar. Ol şol bir wagtyň özünde iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda 16-njy bolup, animasiýanyň 2 sanawda-da ornuny has ýokarlara çykarmagyna garaşylýar.