Miweli agajyň bir görnüşi bolan şetdalynyň ata Watany Hytaý hasaplanýar. Bägülgüllüler maşgalasyna degişli bolan bu agajyň miwesi tomus we güýz aýlarynda ýetişýär. Uzyndan uçly, ýalpyldawuk ýapraklary we owadan gülgüne gülleri bilen tanalýan bu agajyň ýeke şänikli miwesiniň daşy tüýli we tüýsüz bolup, ak, sary we gyzyl şetdaly ýaly görnüşlere bölünýär. Şetdaly etli we suwly miwe bolup, birnäçe witamini özünde saklaýar. Şetdaly adam saglygyna peýdalydygy bilen gadym döwürlerden bäri meşhurdyr.
Şetdaly immuniteti berkitmäge ýardam edýän antioksidantlary özünde jemleýär. Düzümindäki C we E witamini bedeniň garşy durujylygyny güýçlendirip, kesellere garşy göreşmäge goşant goşýar.
Şetdalynyň düzümindäki A, B3, C witaminleri, foliý turşusy, beta-karotin we kaliý iýmit siňdirişi aňsatlaşdyrýar. Doýgun ýag bolmandygy sebäpli bu miwe aşgazanda gyjynma döretmeýär. Şetdaly içgeçmäni bejermekde peýdaly bolup, iýmit siňdiriş bozulmalarynyň öňüni alýar.
Ýürek saglygyny goramagyň iň möhüm şertleriniň biri süýüme baý önümleri iýmekdir. Şetdalyda ýeterlik derejede süýüm saklanyp, ýokary gan basyşyna we holesteriniň derejesine oňyn täsir edýär.
C witamine baý bu miwe derini ýokançlyklardan we zyýanly şöhlelerden goraýar. Menekleri we deridäki yzlary aýyrmaga ýardam edýär.
Şetdalyda saklanýan A witamini süňkler we dişler üçin peýdaly bolmak bilen bir hatarda, gijeki görşi hem gowulandyrýar. Bu miwe yzygiderli iýlende görüş bilen bagly kynçylyklary aradan aýryp bolýar.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, şetdaly süýüme baýdygy sebäpli içegeleri herekete getirýär. Şeýle hem gandaky şekeriň derejesini deňagramly saklamak bilen, çalt ajykmagyň öňüni alýar.
Bulardan başga-da, şetdaly agramy kadaly derejede saklamaga, süýjüli diabetiň we düwnük keseliniň öňüni almaga, görşi güýçlendirmäge hem-de ganazlyk bilen göreşmäge ýardam edýär.