Pa­ri­žiň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan Eý­fel di­ňi dün­ýä­niň meş­hur des­ga­la­ry­nyň ara­syn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Her ýyl mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy Eý­fel di­ňi­ni syn­la­mak üçin fran­suz paý­tag­ty­na bar­ýar. 1889-njy ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si my­na­sy­bet­li wagt­la­ýyn gur­lan bu des­ga­nyň häzirki wagtda be­ýik­li­gi 330 met­re ýet­ýär. Po­lat gur­lu­şa eýe Eý­fel di­ňi 3 bö­lek­den yba­rat. Des­ga­nyň de­pe­si­ne lift­li ýa-da bas­gan­çak­dan çy­kyp, şä­he­ri has ýo­kar­dan syn­lap bol­ýar. Ilkibada pa­riž­li­ler de­mir­den gurlan bu desgany fran­suz bi­na­gär­lik däp­le­ri­ne ze­per ýe­tir­ýän­di­gi üçin ha­la­man­dyr­lar. Şeý­le-de bol­sa bi­na uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den­di­gi üçin he­mi­şe­lik sak­la­nyp gal­ýar.
Eý­fel di­ňi ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:
Reň­ki üýt­ge­dil­ýär. Eý­fel di­ňi dür­li ýyl­lar­da dür­li reň­ke bü­ren­di. «De­mir ze­nan» 1889-njy ýyl­da açy­lan­da gy­zy­lym­tyl-go­ňur reňk­de­di. 10 ýyl­dan soň­ra sa­ry reňke bürendi. Eý­fel di­ňi­niň daş­ky be­ze­gi­ni üýt­get­mek üçin her ge­zek 60 ton­na reňk ula­nyl­ýar. Po­lat des­ga 1968-nji ýyl­da gaý­ta­dan go­ňur reňk­li edil­di.
Iň be­ýik bi­na. Eý­fel di­ňi açy­lan­dan soň Wa­şing­ton ýa­dy­gär­li­gin­den (169 metr) öňe ge­çip, dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy (300 metr) bol­ýar. Eý­fel bi­na­sy bu ady­ny 40 ýyl­dan gow­rak wagt sak­lap, 1931-nji ýyl­da Nýu-Ýork­da­ky «Chrys­ler» bi­na­sy (319 metr) açy­lan­dan soň ikin­ji or­na düş­ýär.
Tom­su­na uzal­ýar. Gyz­gyn­da me­ta­lyň süýn­me­gi te­bi­gy ha­dy­sa bo­lup, oňa fi­zi­ka­da ter­mi­ki gi­ňel­me di­ýil­ýär. Po­lat gur­luş­dan dü­zü­len Eý­fel di­ňi hem to­mus­da 15 san­ti­metr çe­me­si «ös­ýär».
Gi­je­ki ýol­gör­ke­zi­ji. 1925-1936-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Eý­fe­liň üç gap­da­lyn­da otur­dy­lan mil­li­on­lar­ça reňk­li lam­pa Fran­si­ýa­nyň «Cit­roën» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 100 metr­lik dik harp­la­ry­ny ýaz­mak üçin yşyk­lan­dy­ryl­dy. Ýag­ty­lyk ma­ha­ba­ty­ny 33 ki­lo­metr uzak­dan saý­ga­ryp bo­lup­dyr.