Golaýda iň abraýly edebiýat baýraklarynyň biri bolan Dublin baýragy rumyniýaly ýazyjy we şahyr Mirça Kertereskuwa «Solenoid» atly romany üçin berildi. Kertereskunyň «Solenoid» romanynda şahsy tejribelerinden ugur alýan orta mekdebiň mugallymynyň sada durmuşy barada gürrüň berilýär. Waka 1970-80-nji ýyllaryň başynda Rumyniýada bolup geçýär. Roman gündelik bellikler bilen başlap, soňra olar hakykaty we sungat dünýäsini utgaşdyrýan beýleki äheňler, ölçegler we wagtlar hakda pelsepewi kyssa öwrülýär.
2024-nji ýylyň ýeňijisi Mirça Kerteresku özüniň köp jiltli «Orbitor» eseri bilen ýurtda giňden tanalýar. Oňa bu eserleri üçin käwagt «rumyn Markesi» hem diýilýär. Ýazyjynyň «Biz näme üçin zenanlary söýýäris?» atly söýgi kyssalary oňa uly üstünlik getirdi we Rumyniýada kitaplary iň köp satylan ýazyjy boldy.
Kerteresku baýragyň puluny romanyny iňlis diline terjime eden Şon Kotter bilen paýlaşdy. Ýazyjy 75 müň ýewro aldy, terjimeçä bolsa, 25 müň ýewro ýetdi.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, geçen ýyl Dublin baýragy «Marzahn, mon amour» atly kitaby üçin nemes ýazyjysy Katýa Oskampa berlipdi.