Üstünlige däl-de, onuň berýän gymmatlyklaryna ymtylyň!
Albert Eýnşteýn.
Iň kyn zat – girişmek, galan zatlar bolsa, diňe erjelligiňe bagly.
Ameliýa Erhart.
Durmuş meýilnama düzýän wagtyňyz sizde bolup geçýän zatlardyr.
Jon Lennon.
Üstünligiň 80 göterimi zerur wagtynda zerur ýerinde peýda bolmakdyr.
Wudi Allen.
Siziň wagtyňyz çäkli, başga biriniň durmuşynda ýaşap, wagtyňyzy boş ýere sarp etmäň!
Stiw Jobs.
Ýeňiş hemme zat däl. Ýeňiş hemişe ýeňmäge bolan islegdir.
Wins Lombardi.
Meniň sözlügimde «mümkin däl» diýen söz ýok.
Napoleon Bonapart.
Eger-de siz batyrlyk edip, kenary gözden ýitirmeseňiz, hiç haçan ummany aşyp bilmersiňiz.
Hristofor Kolumb.
Eger-de siz özüňizi bir zada ukyply diýip pikir edýän bolsaňyz, dogry aýdýarsyňyz; eger-de siz özüňizi hiç zadyň alnyndan däl diýip hasap edýän bolsaňyz, dogry aýdýarsyňyz.
Genri Ford.
Durmuşyňyzdaky iň möhüm iki gün: doglan günüňiz we munuň sebäbine düşünen günüňiz.
Mark Twen.
Ähli iş aň-düşünjede. Aň-düşünje hemme zadyň başlangyjydyr. Şonuň üçin aň-düşünjäňiziň üstünde işläp, ony kämilleşdiriň!
Lew Tolstoý.
Arzuwlaryňyza tarap ynamly ýöräň! Öz döreden durmuşyňyzda ýaşaň!
Genri Dewid Toro.
Has uly netijä umyt etmekden gowy netijä ynanmak has gowudyr.
Worren Baffet.
Käbir zatlar ünsüňizi çekip biler, ýöne ýüregiňizi özüne çekýän zatlara üns beriň.
Hindi nakyly.
Başarjakdygyňyza bolan ynam – eýýäm maksadyňyzyň ýaryna ýetdigiňizdir.
Teodor Ruzwelt.
Her kimiň öz gözelligi bar, ýöne her kim ony görüp bilmeýär.
Konfusiý.
Maksady kesgitlemek ähli üstünlikleriň başlangyç nokadydyr.
Wilýam Klement Stoun.