Italýanynyň “Milan” kluby Ýewropanyň çempionyny, ispaniýaly Alwaro Moratany düzümine goşdy. Italýan topary bu transfer üçin “Atletiko Madride” 13 million ýewro berer. 31 ýaşyndaky Morata milanlylar bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Morata “Milanda” 7-nji belgili köýnekçäni geýer.

“Real Madridde” futbola başlan Morata 4 ýyldan soň 2014-nji ýylda “Ýuwentusa”, 2 ýyldan soňam täzeden “Reala” transfer bolupdy. 2017-nji ýylda-da “Çelsiniň” düzümine goşulan Morata bu ýerde 2 möwsüm oýnap, 2019-njy ýylda “Atletiko Madridiň” oýunçysy boldy. 2 möwsümden soň täzeden “Ýuwentusa” kärendesine transfer bolan Morata soňky möwsümde “Atletikonyň” köýnekçesini geýdi. Morata çykyş eden klublarynda 589 oýunda 217 gol geçirdi. Sanlyja gün öň Berlinde Ýewropanyň çempionlyk kubogyny kapitan hökmünde asmana göteren Morata milli toparda-da 80 duşuşykda 36 gezek tapawutlandy.