Makaoda geçen sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty türkmen samboçylary üçin örän şowly boldy. Ýurdumyzyň pälwanlary bu abraýly ýaryşda dürli derejeli medallaryň 21-ne mynasyp boldular.
Ýaryş 20 ýurduň 244 türgenini özünde jemledi, olar sport we söweş sambosy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda agram derejeleriniň 28-inde bäsleşdiler.
Çempionatyň netijeleri boýunça türkmenistanly türgenler 2 altyn, 6 kümüş we 13 bürünç medala mynasyp boldular hem-de diňe Gazagystanyň (15 altyn, 7 kümüş we 4 bürünç) we Özbegistanyň (8 altyn, 1 kümüş we 10 bürünç) ýygyndy toparlaryny öňe goýberip, umumy toparlaýyn hasapda hormatly 3-nji orny eýelemegi başardylar.
Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Bägül Nuryýewa bilen Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ruşana Nurjowowa hasam şowly çykyş etdiler. Olar söweş sambosy boýunça ýaryşda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldular. Bägül bu üstünligi 50 kilogram agram derejesindäki pälwanlaryň arasynda, Ruşana bolsa 59 kilogram agram derejesinde gazandy.
Türkmen türgenleriniň ýene 6-sy kümüş medaly eýelemegi başardylar. Sport sambosy boýunça şeýle abraýly baýraga Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aziza Nazarowa (50 kg), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Kambar Umarow (71 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Agamyrat Bäşimow (88 kg) dagy mynasyp boldular. Söweş sambosy boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Kerim Kerimow (64 kg), Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zarina Abdyrahmanowa (54 kg) hem-de Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Dänew etrabynyň tälimçi-mugallymy Sabina Agajanowa (80 kg-dan ýokary) dagy hem hormat münberiniň 2-nji basgançagyna çykyp, kümüş medalyň eýesi boldular.
Söweş sambosy boýunça ýene bäş agram derejesinde ildeşlerimiz bürünç medallary eýelediler. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Alyhan Aýdogdyýew (58 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Maksat Annagylyjow (79 kg), Türkmenistanyň söweş sungatlary milli federasiýasynyň türgeni Agasapar Muhadow (88 kg), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby Bezirgen Begenjow we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülzada Jorakulyýewa (72 kg) dagy çykmagy başardylar.
Türkmen türgenleri sport sambosy boýunça ýaryşlarda ýene sekiz sany bürünç medaly eýelediler. Şeýle derejeli baýraga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Babamyrat Baýramow (68 kg), paýtagtymyzdaky 67-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Sapar Döwletow (64 kg), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Magdanly etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Nedir Allaberdiýew (79 kg), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Saýara Rozyýewa (54 kg), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Madina Aýdogdyýewa (59 kg), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zyba Orunowa (72 kg), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Saodat Işmyradowa (80 kg) hem-de Sabina Agajanowa (80 kg-dan ýokary) dagy eýe boldular.
Şeýlelikde, Sabina Agajanowa Türkmenistanyň milli ýygyndysynda Aziýa we Okeaniýa çempionatynda sport sambosy hem-de söweş sambosy boýunça iki medal eýelän ýeke-täk türgen boldy.
Ulularyň, ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň indiki çempionaty 2025-nji ýylda Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçer.
Çeşme: tdbsi.edu.tm