Al­ba­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ti­ra­na­da «Bond To­wer» at­ly öz­bo­luş­ly bi­na­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Por­tu­ga­li­ýa­nyň OODA stu­di­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan bu bi­na ba­let tan­sy­nyň he­re­ke­ti­ni ýa­da sal­ýan üýt­ge­şik gör­nü­şe eýe bo­lar. «Bond To­wer»-iň daşky gör­nü­şi bir gur­lu­şa bi­rig­ýän iki diň­den yba­rat­. 50 gatly bolmagyna garaşylýan top­lu­myň ta­kyk be­ýik­li­gi bol­sa en­tek kes­git­len­me­di.
Tas­la­ma düzülende ada­ty al­ban ha­ly­la­ryn­dan, şeý­le hem ýur­duň dag­la­ryn­dan we oba­la­ryn­dan yl­ham al­nypdyr. Bi­na­nyň na­gyş­ly fa­sa­dy, top­lum­la­ýyn ýa­şyl gi­ňiş­lik­le­ri we üçek­dä­ki eý­wa­ny bi­na­gär­lik bi­len te­bi­ga­tyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­sy­ny dö­re­der. Aşa­ky gat­lar­da söw­da mer­kez­le­ri we ofis üçin otaglar, olar­dan ýo­kar­da bol­sa myh­man­ha­na bo­lar. Ýo­kar­ky gat­lar bal­kon­ly öýler üçin ni­ýet­le­nen. Öz­bo­luş­ly di­zaý­ny bo­la­ny üçin, «Bond To­wer» tä­sir­li ulu­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, owa­dan we ýe­ňil gö­rün­ýär. Hä­zir bi­na­nyň gur­lu­şy­gy baş­lan­dy, ýö­ne onuň ta­mam­lan­jak se­ne­si bel­li edil­me­di.