Ruandanyň dolandyryjy partiýasy «Ruandanyň watançy frontyndan» dalaşgär bolan häzirki Prezidenti Pol Kagame ýurtda geçen Prezident saýlawlarynda sesleriň 99,18 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň netijelerine salgylanýan “belta.by” habar berdi.
Ruandada Prezident saýlawlary 15-nji iýulda geçdi. “Prezident saýlawlarynyň jemleýji netijeleri: Kagame Pol – 99,18%; Habineza Frank – 0,5%; Mpaýimana Filipp – 0,32%.” – diýlip, Ruandanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň sosial ulgamdaky resmi akkaundynda ýerleşdirilen beýanatda bellenilýär.
Prezident saýlawlary bilen bir wagtda geçen Parlament saýlawlarynda hem Kagameniň dolandyryjy partiýasy ýeňdi. “Ruandanyň watançy fronty” partiýasynyň gatnaşýan bileleşigi sesleriň 68,83 göterimi bilen parlamentde orunlaryň köpüsini eýeledi.
Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, Ruandanyň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar, şunda onuň iki gezek saýlanmaga hukugy bar. Ýurda 2000-nji ýyldan bäri Pol Kagame baştutanlyk edýär. 2015-nji ýylda geçirilen sala salyşyklarda Prezidentiň möhletleri ýatyrylyp, 66 ýaşly Kagame üçünji gezek wezipesine girişdi we ýene iki gezek saýlanmak hukugyna eýe boldy.