Transfer möwsüminiň iň işjeň kluby Angliýanyň “Aston Willa” kluby toparyň taryhyndaky iň gymmat 2-nji transferini amala aşyrdy. Birmingem şäheriniň wekili ýurduň başga bir topary “Ewertondan” belgiýaly Amadu Onanany düzümine goşdy. “Aston Willa” topary bu transfer üçin “Ewertona” 50 million funt sterling tölär. Mussa Diabiden soň (52 million funt sterling) klubuň iň gymmat 2-nji futbolçysy bolan 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy “Ewertonda” 2 möwsümde 72 gezek meýdança çykdy. Onana “Aston Willa” bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.