Sportuň kanoe görnüşini slalom K-1 ugry boýunça Olimpiýa çempiony üýtgemedi. Ejesi we kakasy-da öz döwründe kanoeçi bolan awstraliýaly Jessika Foks 96,8 sekuntda ýaryşy tamamlap, Tokiodan soň Parižde-de altyn medal gazanmagy başardy. Bu onuň umumylykda 5-nji Olimpiýa medalydyr. Polşaly Klaudia Zwolinska kümüş, britaniýaly Kimberli Wuds bürünç medala mynasyp boldy.